Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

  • 16.12.2025 19:42
  • 9.9k+

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy. Dekabryň ortasynda onuň bahasy 800 mlrd dollar diýlip hasaplandy, awgustda bolsa kompaniýa 400 mlrd dollar bilen bahalandyrylypdy diýip, iki maýadar Forbes-e aýtdy. Täze baha beriş SpaceX-iň 2026-njy ýyla meýilleşdirilen mümkin bolan IPO-synyň öňüsyrasynda geçirildi.
Ozal bu barada Bloomberg habar beripdi – agentligiň pikiriçe, paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegi möçber taýdan taryhda iň ulusy bolup biler.
SpaceX-iň bahasynyň ýokarlanmagy Maskyň baýlygyny, takmynan, 168 mlrd dollar – 15-nji dekabrda gündogar wagty bilen 12:00-a (Aşgabat wagty bilen 22:00) çenli ýagdaýa görä, takmynan, 677 mlrd dollara çenli artdyrdy diýlip, makalada aýdylýar. Telekeçä kompaniýanyň paýnamalarynyň, takmynan, 42%-i degişli.
SpaceX birža çykmasa-da, Maskyň kompaniýadaky paýy 336 mlrd dollar diýlip hasaplanýar we işewüriň iň gymmatly aktiwi bolmagynda galýar diýip, Forbes belleýär. Onuň Tesla-daky 12 göterimlik paýy 197 mlrd dollara deň. Mundan başga-da, Grok çat-botuny ösdürýän xAI Holdings 230 mlrd dollar baha bilen maýa goýum çekmek barada gepleşikleri geçirýär. Bu Maskyň kompaniýa döredilen wagty aýdan 113 mlrd dollar bahasyndan iki esse ýokarydyr.
2024-nji ýylda Informa Connect Academy analitik topary 2027-nji ýyla çenli Maskyň ilkinji dollar trillioneri bolup biljekdigini çaklady. Bilermenler onuň baýlygynyň ýylda ortaça 110% ýokarlanmagyndan ugur aldy.
Ilkinji gezek Mask Forbes boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde 2021-nji ýylda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy şol wagt 271,3 mlrd dollar bolup, ol Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan öňe geçdi.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......