ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

  • 08.11.2025 09:37
  • 5.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli «John Deere», «General Electric», «SpaceX», «Oppenheimer Holdings Inc.» ýaly kompaniýalaryň, Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart maslahaty açyp, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde geňeşiň möhüm ornuny belledi we bu platformany has işjeň ulanmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyşynda döwletimiziň hemmetaraplaýyn berýän goldawy netijesinde ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, amerikan kompaniýalary üçin türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynda açylýan ägirt uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrdy. ABŞ-nyň ugurdaş edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, amerikan işewürleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny belläp, olaryň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy ýurdumyzda hereket edýän bank-maliýe mehanizmleri hem-de gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyrdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin mümkinçilikleri, şol sanda sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, «ýaşyl» energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdyrdy.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2008-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredildi.
Maslahatyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi. Mundan başga-da, taraplar ýokary tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, aragatnaşyk we sanly infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Maslahatyň dowamynda türkmen işewürleriniň çykyşlaryna orun berildi. Amerikan kärdeşleri bilen pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen işewürleri ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlary hem-de maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Şunda Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlerdir ýeňilliklere aýratyn üns çekildi.
Gurluşyk ugruna ýöriteleşen türkmen hususy kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyran iri infrastruktura taslamalary, önümçilik desgalaryny, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak boýunça mümkinçilikleri hem-de gazanan tejribeleri barada durlup geçildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri ABŞ-ly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.


03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......