Dünýädäki milliarderleriň sany 287 adam artdy: olaryň umumy baýlygy 15,8 trln dollara ýetdi

  • 08.12.2025 18:26
  • 9.5k+

2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli ýagdaýa görä, dünýäde dollar milliarderleriniň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 287 adam artdy. Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň gözleginde aýdylýar. Bu, 2021-nji ýyly hasaba almanyňda, iň uly ösüş boldy. Şol ýyl 416 sany täze milliarder goşulypdy.

Täze milliarderleriň arasynda 91 adam öz baýlygyny miras aldy. Şeýle aktiwleriň umumy mukdary 298 mlrd dollara ýetdi – bu täze rekord. UBS-niň hasaplamasy boýunça, geljek 15 ýylda mirasdüşerler azyndan 5,9 trln dollar alyp biler.
Umuman alanyňda, dünýäde 2919 milliarder bar: 2545 erkek we 374 zenan. Olaryň umumy baýlygy bir ýylda 13% ýokarlanyp, 15,8 trln dollar boldy.
ABŞ-da milliarderleriň baýlygy 18% ýokarlanyp, 6,9 trln dollara ýetdi. Amerikan milliarderleriniň sany 924 adama çenli artdy, bu bolsa umumy görkezijiniň 31,7%-ine deňdir. Bir ýylda sanawa 109 täze at goşuldy, 18 sanysy bolsa ýogalandygy ýa-da maliýe ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli sanawdan çykaryldy.
Umumy baýlyk boýunça ikinji orunda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýerleşýär – 4,2 trln dollar. Üçünji orny 4,1 trln dollar görkeziji bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika eýeleýär.
Önümçilik pudagyndan milliarderler öz baýlygyny 27,1%, 1,7 trln dollara çenli artdyrdy. Bu serişdeleriň esli bölegi Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Maska degişli.
EA pudagynda milliarderleriň aktiwleri 3 trln dollar (23,8% ösüş), maliýe pudagynda – 2,3 trln dollar (+17%), sarp ediş harytlary we riteýl segmentinde 3,1 trln dollar (+5,3%) diýlip hasaplanýar.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......