Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi

  • 31.10.2025 11:40
  • 6.1k+

2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar.

Milliarderleriň sany boýunça öňdebaryjy Demirgazyk Amerika bolup galýar – iň baý adamlaryň 34,2%-i we umumy baýlygyň 44%-i onuň paýyna düşýär. Ikinji orunda Ýewropa (milliarderleriň 28,6%-i we umumy kapitalyň 24,4%-i), üçünji orunda Aziýa (degişlilikde, 23,6% we 20,8%) ýerleşýär.
Aýry-aýry ýurtlaryň arasynda birinji orny ABŞ eýeleýär – 5,7 trln dollar baýlyk bilen 1135 milliarder. Onuň yzyndan Hytaý (321 milliarder, 1,28 trln dollar) we Germaniýa (170, 703 mlrd dollar) gelýär.
2024-nji ýylda milliarderleriň iň köp jemlenen şäherleri Nýu-Ýork, Gonkong we San-Fransisko boldy.
Altrata analitikleri baýlygy 50 mlrd dollardan geçýän iň barly 26 milliarderiň umumy kapitalyň 21%-ini emele getirýändigini we munuň bir ýyl ozalkydan 4% köpdügini belleýär.
Mundan başga-da, kompaniýa 2025-nji ýylyň iýunyna çenli ýagdaýa görä, dünýäde multimillionerleriň (baýlygy 30 mln dollardan ýokary bolan) sanynyň ýylyň başyndan bäri 5,4% köpelip, 510,8 müň adama ýetendigini habar berdi. Olaryň umumy baýlygy 59,8 trln dollar diýlip hasaplanýar.

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....