Eli Lilly 1 trln dollar bazar bahasyna ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy

  • 25.11.2025 12:53
  • 3k+

Eli Lilly amerikan kompaniýasy 1 trln dollar bazar bahasyna ýetip, taryhda şeýle görkezijä ýeten ilkinji farmasewtika kompaniýasy boldy. Häzire çenli bazarda bu derejä, esasan, tehnologiýa kompaniýalary ýetipdi diýip, CNBC belleýär.

Ýylyň başyndan bäri Eli Lilly-nyň paýnamalary Zepbound (artykmaç agramy azaltmak üçin) we Mounjaro (süýji keseline garşy) derman serişdelerine bolan ýokary islegiň netijesinde 37% gymmatlady. Üçünji çärýekde diňe Mounjaro serişdesiniň satuwy 6,52 mlrd dollara, Zepbound bolsa – 3,59 mlrd dollara ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 109% we 184% ýokarydyr.
Maýadarlar 2026-njy ýylda bu inýeksiýa serişdelerini gerdejik görnüşinde çykarmagy meýilleşdirýän kompaniýanyň mundan beýläk hem ösüş gazanmagyna garaşýar. Hünärmenleriň hasaby boýunça, 2030-njy ýyllaryň başyna çenli agramy azaltmak üçin derman serişdeleriniň bazary 150 mlrd dollardan geçer we Eli Lilly onda öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolup galar. 

şu gün 13:03
1.3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

düýn 10:17
5.5k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......