29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

  • 09.12.2025 21:31
  • 12k+

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär.

Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy. Bu tapgyryň dowamynda kompaniýa 1 mlrd dollar maýa çekdi. Platforma 11 mlrd dollar bilen bahalandyryldy, şol bir wagtyň özünde esasy maýadar bolup Paradigm firmasy çykyş etdi. Kalshi-niň bahasy soňky ýarym ýylda bäş esseden gowrak ýokarlandy. Esaslandyryjylar hökmünde çykyş edýän Lopes Lara bilen Tarek Mansuryň paýlary, takmynan, 12%-e barabar bolup, bu olaryň her biriniň baýlygyny 1,3 mlrd dollara ýetirdi.
Luana Lopes Lara Braziliýada matematika mugallymy bilen elektrik inženeriniň maşgalasynda dünýä indi. Ol Massaçusets tehnologiýa institutynda (MIT) kompýuter ylymlaryny öwrendi we bu ýerde biznes boýunça hyzmatdaşy Tarek Mansur bilen tanyşdy.
Kalshi platformasy wakalary çaklamak üçin gurallary döretmäge ýöriteleşýär. Ol treýderlere maýa goýum strategiýalaryny işläp düzmekde saýlawlaryň netijeleri ýa-da tebigy howplaryň ýüze çykmak ähtimallygy ýaly daşarky faktorlary üns merkezine almaga mümkinçilik berýär. 


13.01.2026 13:28
8.1k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

21.12.2025 20:28
11k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi...

16.12.2025 19:42
9.8k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

27.11.2025 23:20
6.5k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...