Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy

  • 05.12.2025 08:59
  • 5.8k+

Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär.

Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy. Indi onuň ornuny EA gurşawynda tejribeli hünärmen Amar Subramanýa eýelär.
Mälim bolşy ýaly, Apple emeli aň pudagynda beýleki bäsdeş tehnologiýa ägirtleri bilen deňeşdirilende yza galýardy. Kompaniýa bu ugurda, hakykatdan-da, görnetin ösüş görkezmedi.  Şol sebäpli Jannandreanyň hem işden çykaryljakdygy baradaky gürrüňler köpden bäri dowam edýärdi.
2024-nji ýylyň tomsunda görkezilen Apple Intelligence tehnologiýalar toplumy ýeterlik derejede çalt ösmedi we köp babatda bäsdeşlerden ep-esli yza galdy, düýpli täze funksiýalary işläp düzmek bolsa köp wagt talap edýärdi. EA-nyň esasynda işlemeli bolan Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasy hem gijikdirildi. Apple-iň ýolbaşçylygy muny işi ýokary hilli etmegiň zerurlygy bilen düşündirdi, şol sebäpli täzelenen Siri-niň çykmagy geljek ýylyň ýazyna goýuldy.
Bölümiň täze başlygy Amar Subramanýa kompaniýa geçmezden ozal Microsoft-da EA boýunça korporatiw wise-prezident bolup işledi. Şeýle-de karýerasynyň 16 ýylyny Google-da geçirip, häzir pudakda öňdebaryjy hasaplanýan Gemini EA kömekçisiniň işlenip taýýarlanmagyna ýolbaşçylyk etdi. Belki, onuň tejribesi Apple kompaniýasynyň bäsdeşlerden yza galmak ýagdaýyny düzetmäge mümkinçilik berer. Amar işläp taýýarlamak boýunça ýolbaşçy Kreýg Federiginiň öňünde hasabat berer.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......