Häzire çenli işleýän iň gadymy bäş kompaniýa atlandyryldy

  • 06.11.2025 22:58
  • 6.4k+

Köp startaplaryň hatda on ýyl hem işlemän ýapylýan häzirkizaman işewürlik dünýäsinde ýüzlerçe ýyl bäri işleýän kärhanalar bar. Şeýle-de, nähili geň galdyryjy bolsa-da, dünýäde müňýyllyklary başdan geçirip, häzirem işlemegini dowam etdirýän kompaniýalar hem bar. Bu kompaniýalar urşa, epidemiýa, ykdysady çökgünliklere we tehnologiki özgerişlere sezewar bolandygyna garamazdan, aktual we islegli bolmagyny dowam etdirýär.

World Atlas häzire çenli üstünlikli işleýän iň gadymy bäş kompaniýa barada aýtdy.

5. The Royal Mint – Beýik Britaniýa (886-njy ýylda esaslandyryldy)
Beýik Alfrediň dolandyran döwürleri esaslandyran Patyşalyk teňňe fabrikasy eýýäm 1100 ýyl bäri Beýik Britaniýanyň teňňelerini çykarýar. Ilkibaşda ol London Tauerinde ýerleşýärdi. Ýöne häzir fabrika Uelsiň Llantrisant şäherindäki goralýan toplumda işleýär. Häzirki günde Royal Mint diňe bir adaty teňňeleri däl, eýsem ýadygärlik kolleksiýa nusgalaryny, maýa goýum altynyny we altyn bilen örtülen ätiýaçlyk önümlerini hem öndürýär. Arassa teňňe önümçiliginden şeýle kaşaň önümlere geçiş kompaniýanyň sanly eýýamda islegli bolup galmagyna kömek edýär.

4. Tanaka-Iga – Ýaponiýa (885-nji ýylda esaslandyryldy)
Tanaka-Iga maşgala kompaniýasy tas 1200 ýyl bäri köp ýapon öýlerinde ruhy durmuşyň merkezi bolup hyzmat edýän buddizm altarlaryny – Butsudan-y taýýarlaýar. Kompaniýa islegi kanagatlandyrmak üçin däp bolan senetçilik usullary bilen bir hatarda döwrebap gurallary hem ulanýar. Tanaka-Iga diňe bir biznes däl-de, ýapon sungatynyň we ruhy däp-dessurlarynyň sakçysydyr.

3. Staffelter Hof – Germaniýa (862-nji ýylda esaslandyryldy)
Mozel jülgesinde ýerleşýän Staffelter Hof çakyr öndürijisi ilkibaşda ybadathana üzümligidi. Ol şu güne çenli ýokary hilli Risling çakyrlaryny öndürmegini dowam etdirýär. Häzirki günde ol syýahatçylary-da özüne çekýär: taryhy toplumda dadyp görmek, ekskursiýa we ýaşamak mümkinçiligi myhmanlara çakyr önümçiliginiň müňýyllyk däbini duýmaga mümkinçilik berýär. Staffelter Hof taryhy brendleriň öz taryhyna ýüzlenip, döwrebap auditoriýany nähili gyzyklandyryp biljekdigini görkezýär.

2. St. Peter Stiftskulinarium – Awstriýa (803-nji ýylda esaslandyryldy)
Zalsburgdaky Keramatly Pýotr abbatlygynda ýerleşýän bu restoran Ýewropada iň gadymysy hasaplanýar. Ol 1200 ýyldan gowrak wagtlap patyşalyk wekillerini, sazandalary we syýahatçylary kabul etdi. Häzirki günde St. Peter Stiftskulinarium taryhy, binagärligi we Awstriýanyň aşhana däplerini utgaşdyrmak bilen, myhmanlar üçin hakyky wagt syýahatyny hödürleýär.

 1. Genda Shigyō – Ýaponiýa (771-nji ýylda esaslandyryldy)
Kiotoda esaslandyrylan kompaniýa dini däp-dessurlar, toýlar we çaý dabaralary üçin kagyz önümlerini taýýarlamak bilen meşgullanýar. Genda Shigyō kagyz önümçiliginde 1200 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýan usullary saklaýar. Häzirki wagtda kompaniýa ussatlyk sapaklaryny hem geçirip, geljekki nesillere bilim bermek bilen, biznesi medeni edara öwürýär.

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....