Apple çärýegi iPhone-yň we hyzmat ugrunyň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlady

  • 03.11.2025 10:01
  • 1.9k+

Apple geçen çärýegi iPhone satuwynyň we hyzmat ugrunyň ösmeginiň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlandy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk umumy girdejiniň 8% ýokarlanyp, 102,5 mlrd dollar bolandygyny belledi. iPhone satuwy möwsüm üçin rekord 49 mlrd dollar getirdi we bu geçen ýylkydan 6% köpdür.
Hyzmat ugry hem ösüş görkezdi: hyzmatlardan we ýazylyşyklardan gelen girdeji ýyllyk hasabynda 15% ýokarlanyp, 28,8 mlrd dollara ýetdi. Bu ugur kompaniýanyň çärýek girdejisiniň, takmynan, 28%-ini üpjün etdi we iPhone-dan soň ikinji uly girdeji çeşmesi bolup galýar. Kompaniýanyň esasy işinden gazanýan girdejileri 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginden bäri ýokarlanýar, bu bolsa häzirki makroykdysady ýagdaýda aýratyn möhümdir.
Sebit nukdaýnazaryndan, rekord görkezijiler hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda, hem ösüp barýan bazarlarda hasaba alyndy. Amerikada, Ýewropada, Ýaponiýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň galan böleginde möwsümleýin girdeji rekordy goýuldy. Kompaniýanyň girdejisi eýýäm yzygider alty çärýek bäri ýokarlanýar, paý üçin girdeji bolsa 91% ýokarlanyp, 1,85 dollara ýetdi.
Önüm ugry boýunça ösüş 5% bolup, 73,7 mlrd dollara ýetdi, esasy goşant goşan iPhone bilen Mac boldy. Mac-dan gazanylan girdeji 13% – 8,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. iPad satuwy geçen ýylky derejede galdy – takmynan, 7 mlrd dollar. Dakylýan gurluşlardan we hojalyk enjamlaryndan gelen girdeji 1%-den sähel peselip, 9,01 mlrd dollar boldy.
Bütin maliýe ýylynda Apple rekord 416 mlrd dollar gazandy, ähli kategoriýalarda işjeň ulanylýan enjamlaryň sany ähli sebitlerde täze ýokary derejä ýetdi. 


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....