Coca-Cola baş direktoryny çalyşýar

  • 12.12.2025 18:15
  • 6.6k+

Coca-Cola baş direktor Jeýms Kuinsiniň wezipeden gidýändigini habar berdi. Geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda onuň wezipe borçlary kompaniýanyň operasion müdiri Enrike Brauna geçiriler.

Kuinsi Coca-Cola-da 1996-njy ýyldan bäri işleýär. Ol baş direktor wezipesini 2017-nji ýylda eýeledi, 2019-njy ýylda bolsa müdirler geňeşiniň başlygy boldy. Baş direktor wezipesinden gidenden soň, ol ýerine ýetiriji başlyk bolar.
Onuň ýolbaşçylygynda kompaniýanyň paýnamalary 60%-den gowrak ýokarlandy diýip, Bloomberg ýazýar. Bu döwürde Coca-Cola assortimentini gazlandyrylan içgileriň çäginden daşary giňeltdi: täze önümler, şol sanda kofe, sport içgileri we ultra-süzlen Fairlife süýdi peýda boldy.
Kompaniýanyň metbugat gullugy Kuinsiniň kompaniýanyň strategiýasyny we iş modelini has çeýe we baglanyşykly etmek üçin üýtgedendigini belledi. Ol sanly özgerişlere we marketingiň täzelenmegine uly üns berdi. Mundan başga-da, hut ol kompaniýany COVID-19 pandemiýasy döwründe kynçylyklardan alyp çykdy.
Enrike Braun ýerine ýetiriji wise-prezident we 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri operasion müdir wezipelerini eýeleýär. Ol 2024-nji ýylda brendiň ýerine ýetiriji wise-prezidenti boldy. Braun hem Coca-Cola-da karýerasyna 1996-njy ýylda başlady. Häzirki wezipesinden öň, Braun Latyn Amerikasy boýunça operasion bölüme, Braziliýada işewürlik bölümine ýolbaşçylyk etdi hem-de Hytaý we Günorta Koreýa işleri boýunça prezident boldy. 

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......