OpenAI Amazon bilen 38 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

  • 06.11.2025 10:57
  • 1k+

OpenAI “Amazon Web Services” (AWS) bilen ýedi ýyllyk 38 milliard dollarlyk strategik şertnama baglaşdy diýip, Bloomberg habar berýär. Şertnama laýyklykda, OpenAI Nvidia CORP.-yň ýüzlerçe müň grafiki prosessorlaryna (GPU) girmäge mümkinçilik alar. Bu bolsa emeli aň ulgamlaryny ösdürmek hem-de taýýarlamak üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar.

Bloomberg-iň bellemegine görä, bu şertnama OpenAI-yň barlag laboratoriýasy derejesinden dünýäniň emeli aň senagatynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrülendigine ýene bir subutnama bolýar. Amazon üçin bolsa bu ädim iri göwrümli maglumat merkezlerini döretmekde we dolandyrmakda öňdebaryjy ornuny tassyklaýar.
Şertnama yglan edilenden soň, NASDAQ biržasynda Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy duşenbe güni 5,88% ýokarlandy we bir paý üçin iň ýokary 258,6 dollara ýetdi.
CNBC-niň maglumatyna görä, mundan ozal OpenAI Microsoft bilen aýratyn bulut hyzmatdaşlygyna eýe bolupdy, ýöne onuň “aýratynlyk statusynyň” möhleti tamamlandy. Bu bolsa kompaniýa beýleki bulut hyzmatlaryny hödürleýän üpjün edijiler bilen işleşmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda OpenAI Microsoft-dan hyzmatlary satyn almagy dowam etdirer — bu şertnama takmynan 250 milliard dollarlyk möçberde bahalandyrylýar.
Beýleki tarapdan, 28-nji oktýabrda Microsoft bilen OpenAI täze uzak möhletli hyzmatdaşlyk barada ylalaşma baglaşdy. Bu şertnama OpenAI-yň täjirçilik bölüminiň jemgyýetçilik peýdaly korporasiýa (Public Benefit Corporation — PBC) görnüşine öwrülmegini we kompaniýanyň maliýe taýdan dikeldilmegini göz öňünde tutýar. Geleşik gutarandan soň, Microsoft OpenAI Group PBC-niň 27% paýyna eýe bolar. Bu paý takmynan 135 milliard dollar bahalandyrylýar.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......