Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

  • 30.10.2025 15:36
  • 1.9k+

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar.

Tom’s Hardware-iň Counterpoint Research-e salgylanyp bermegine görä, Mac kompýuterleriniň satuwy ýyl boýunça 14,9% artdy.
2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompýuter satuwynyň umumy ösüşi 8,1% boldy. Bu ösüşiň esasy sebäpleri:

  • Windows 11 bilen doly gabat gelmeýän köne kompýuterleri çalyşmak zerurlygy,
  • Tramp administrasiýasy tarapyndan import tölegleriniň ýokarlandyrylmagyna garaşylmagy sebäpli öndürijileriň ammarlary doldurmak islegi.

Köp kompýuterler tehniki taýdan Windows 11-i işletmäge ukyply bolsa-da, TPM 2.0 moduly bolmandygy sebäpli täzelenme kabul edilmeýär.
Öndürijileriň arasynda ýagdaý şeýle:

  • Lenovo — iň gowy netije, satuw 17,4% artdy.
  • Asus14%, HP10% ösüş.
  • Dell bolsa satuwy 0,9% azaltdy.
  • Galan öndürijiler jemi 3% peseldi.

Şeýle-de, giňden mahabat berilýän AI-kompýuterleri entek bazarda sosial kabul ederlikli bolmady. Alyjylar häzirki wagtda operatiw ýadyň mukdaryna, SSD göwrümine, ulgam utgaşyklylygyna ünsi köp berýär.
Şol bir wagtyň özünde Intel Raptor Lake prosessorlaryna isleg artýar.
Counterpoint Research-iň çaklamasyna görä, 2025-nji ýylda AI kompýuterleriniň üpjünçiligi has hem ösüp biler — sebäbi bazara Qualcomm Snapdragon X2 Elite çipleri we Intel Xe3 grafika arhitekturaly täze modeller giriziler.
Kompaniýanyň eksperti Dewid Naranhonyň bellemegine görä, "PC bazarynyň dikelişi diňe köne enjamlaryň çalşylmagy bilen däl, eýsem kärhanalaryň geljekdäki tehnologik talaplara öňünden taýynlyk görmegi bilen hem baglanyşykly".


düýn 09:49
1.7k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.6k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......