Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy

  • 01.11.2025 10:12
  • 1.5k+

Intel korporasiýasy täze baş direktor Lip-Bu Tanyň ýolbaşçylygynda ştaty optimizirlemek maksatnamasynyň çäklerinde soňky iki ýylyň dowamynda takmynan 35 500 işgärini işden boşatdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär.

Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýa bilen paýlaşylan soňky hasabata laýyklykda, diňe Tanyň ýolbaşçylygynyň ilkinji üç aýynda 20 500 adam işden çykaryldy. Öňki ýolbaşçylaryň döwründe geçirilen işden çykarmalar bilen birlikde, umumy sany 35 500 adama ýetdi.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Intel-iň işgärleriniň sany 88 400 adam boldy. Işden boşatmalaryň esasy bölegi ikinji çärýekde amala aşyryldy we üýtgedip gurma prosesine 1 milliard dollardan gowrak çykdajy gidýär.
Ilkibaşda çäreler orta basgançak ýolbaşçylary azaltmaga gönükdirilen bolsa-da, netijede işden boşatmalar müňlerçe inženeri we tehnikleri hem öz içine aldy. Mysal üçin, Oregondaky bölümleriň arasynda işden çykarylanlaryň diňe 8%-i “menejer” wezipesinde işleýänlerdi.
Şeýle hem işgär sanynyň azalmagy bilen, kompaniýanyň gözleg we tejribe taslamalary üçin býujeti geçen ýyl bilen deňeşdirilende 800 million dollardan gowrak kemeldildi. Şeýle-de bolsa, girdejiniň ýokarlanmagy saklanyp galdy.
Intel-iň maliýe müdiri Dewid Zinsneriň sözlerine görä, 2026-njy ýylda kompaniýanyň amal çykdajylary 16 milliard dollar töwereginde saklanar. Maliýe serişdeleri strategik ähmiýetli ugurlara — Intel 18A we 14A tehnologiýa proseslerine, AI önümlerine we ösüşli gaplama tehnologiýalaryna gönükdiriler.


20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

23.04.2026 03:54
2.6k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......