Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

  • 23.04.2026 03:54
  • 2.6k+

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly wise-prezidenti wezipesini eýeläpdi.

Mälim edilmegine görä, ol maý aýynda Intel-e goşular we tehnologiýalary işläp düzmek hem-de önümçilik boýunça ýerine ýetiriji wise-prezident Naga Çandrasekarana göni tabynlykda işlär.

«Şon özüniň Samsung-da geçen otuz ýyllyk iş tejribesi bilen ýarymgeçirijiler pudagynda toplan gymmatly ukyplaryny biziň toparymyza getirer» diýip, Naga Çandrasekaran belledi.

Kompaniýa täze ýolbaşçynyň tejribesiniň tehnologik amallary ösdürmäge we önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýar.


düýn 08:37
5.8k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......