Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy.
Şol bir wagtda, kompaniýa täjirçilik uçarlarynyň iberilmegini artdyrdy, netijede girdeji 30% ýokarlanyp, 2024-nji ýyldaky 17,8 milliard dollardan 2025-nji ýylda 23,3 milliard dollara ýetdi.
Sentýabr aýynda Boeing 777X uçarynyň satuwlarynyň başlanjak senesini yza süýşürdi — indi ilkinji ibermeler öň bellenen 2026-njy ýylyň ýerine 2027-nji ýylda başlanar diýlip garaşylýar.
Kompaniýanyň baş müdiri Kelli Ortberg ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolandyryşynyň 737 MAX uçarynyň aýlyk önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmaga oktýabr aýynda resmi rugsat bermegini kompaniýanyň ösüşiniň pozitiw alamaty hökmünde görýändigini aýtdy.
«Biz 777X-iň önümçilik meýilnamasynyň gijikdirilmegine gynanýarys, ýöne uçar synag uçuşlarynda gowy netijeleri görkezmegini dowam etdirýär. Biz önümçilik we ösüş maksatnamalarymyzy tamamlamak hem-de işimizi durnuklaşdyrmak üçin öňümizde duran wezipelere ünsi jemleýäris» — diýip, Ortberg belledi.