Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

  • 10.10.2025 09:23
  • 4.9k+

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär.

A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy. Onuň ilkinji uçuşy 1987-nji ýylda boldy, 1988-nji ýylda bolsa ulanylyşa goýberildi. Şondan bäri A320 uçarlarynyň umumy üpjünçiligi 12 260 birlige ýetdi. Bu görkeziji A320neo uçary Flynas saud awiakompaniýasyna gowşurylandan soň gazanyldy. Şeýlelikde, Ýewropa öndürijisi eýýäm birnäçe ýyl bäri öňdebaryjylygy saklaýan Boeing 737 uçaryndan ilkinji gezek öňe geçdi.
Airbus bu üstünlige teswir bermekden saklandy. Hünärmenler netijäni dünýäniň iň uly iki awiaöndürijisiniň köpden bäri dowam edip gelýän bäsdeşliginde möhüm tapgyr diýip atlandyrýar.
Airbus dünýäniň öňdebaryjy awiakosmos konsernleriniň hataryna girýär. Onuň düzüminde ýolagçy uçarlaryny (Airbus SAS), harby we kosmos enjamlaryny (Airbus Defence and Space), şeýle-de dikuçar (Airbus Helicopters) öndürmek boýunça bölümçeler bar.


27.01.2026 18:14
7.5k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...