Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

  • 17.01.2026 16:47
  • 3.6k+

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy.

Şeýlelikde, Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek satylan laýnerleriň sany boýunça özüniň esasy bäsdeşinden öňe geçmegi başardy.
Emma uçarlaryň hakyky eltilip berlişinde Airbus öňdeligini saklap gelýär. Ýylyň dowamynda ýewropaly öndüriji müşderilerine 793 uçar berdi, Boeing bolsa diňe 600 uçary eýelerine gowşurdy.
Ýatladyp geçsek, Boeing-iň satuwynyň pese gaçmagy 2018-nji we 2019-njy ýyllarda 737 Max uçarynyň gatnaşmagyndaky iki sany uly heläkçilikden soň başlandy. Mundan soňky barlaglar we uçuş çäklendirmeleri amerikan laýnerlerine bolan islegiň çürt-kesik azalmagyna getirdi. 2020-nji ýylda kompaniýa bary-ýogy 157 uçar iberip bildi, bu bolsa korporasiýanyň XXI asyrdaky iň pes görkezijisidir.
Şol wakalardan soň, Boeing ýolbaşçylaryny çalyşdy, pidalara uly möçberde öwez töleglerini (kompensasiýa) we döwlet gözegçilik edaralaryna jerimeleri töledi. 2021-nji ýyldan başlap, kompaniýanyň görkezijileri kem-kemden ýokarlanyp başlady. Airbus-yň satuw möçberleri hem artdy, emma Boeing krizisden (çökgünlikden) çykdygyça, ýewropaly öndürijiniň ösüş depgini haýallady.


27.01.2026 18:14
7.5k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...