Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

  • 27.01.2026 18:14
  • 7.7k+

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy.
Iberilen uçarlaryň iň uly bölegi 737 kysymly uçarlara degişli bolup, müşderilere bu modelden 447 uçar gowşuryldy. 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Boeing 160 uçar iberdi, olaryň 117-si 737 modelidir. Deňeşdirmek üçin, 2024-nji ýylyň oktýabr–dekabr aýlarynda kompaniýa 57 uçar ýola goýdy, 737 modelleriniň sany bolsa 36 birlige deň boldy.
2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Boeing-iň sargyt portfelinde 6,72 müň uçar bar. Bir ýylda kompaniýa, ýatyrylan sargytlary hasaba alanyňda, jemi 1075 howa gämisi üçin sargyt aldy.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda 793 sany raýat uçaryny ýola goýup, bir ýyl ozalky görkezijiden 3,5% ýokary geçdi.


12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

27.04.2026 22:44
6.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

05.02.2026 18:18
2.2k+

Walmart bazar bahasy bir trillion dollara ýeten taryhda ilkinji bölek söwda ulgamy boldy

Walmart amerikan kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji bölek söwda ulgamy boldy. Ýaňy-ýakyna çenli «trillionçylar» toparyna diňe tehnologiýa ägirtleri giren bolsa, indi bu kluba dünýäniň iň iri oflaýn-reteýleri hem goşuldy diýip, Reuters habar berýär...