Walmart bazar bahasy bir trillion dollara ýeten taryhda ilkinji bölek söwda ulgamy boldy

  • 05.02.2026 18:18
  • 2.2k+

Walmart amerikan kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji bölek söwda ulgamy boldy. Ýaňy-ýakyna çenli «trillionçylar» toparyna diňe tehnologiýa ägirtleri giren bolsa, indi bu kluba dünýäniň iň iri oflaýn-reteýleri hem goşuldy diýip, Reuters habar berýär.
On ýylyň dowamynda Walmart-yň paýnamalary 468%, soňky bir ýylda bolsa ýene 26% gymmatlady.
1960-njy ýyllarda Sem Uolton tarapyndan Arkanzas ştatynyň Rojers şäherinde esaslandyrylan kompaniýa öz işine ýönekeý bir pikirden — «hemmelerden arzan satmak» bilen başlapdy. Eýýäm 1970-nji ýyllarda ol biržada paýnamalaryny ýerleşdirdi, 1979-njy ýylda girdejisini 1 milliard dollardan aşyrdy, 2003-nji ýyldan bäri bolsa Fortune 500 sanawynda yzygiderli öňdebaryjylygy eýeläp gelýär.
Soňra Walmart çalt eltme hyzmaty, amatly hyzmatlary we egin-eşikden başlap mebel önümlerine çenli harytlaryň satuwynyň artmagy netijesinde has gurply sarp edijileri hem özüne çekmegi başardy.
Bu üstünlikde tehnologiýalar esasy orny eýeledi. Kompaniýa awtomatizirlemäge we emeli aňa milliardlarça dollar maýa goýup, haryt üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirdi we eltip bermegiň möhletini gysgaltdy. Accuvest Global Advisors-yň maýa goýum boýunça baş direktory Erik Klarkyň bellemegine görä, «soňky bäş ýylda kompaniýa biznesde ägirt uly sanly özgertmeleri başdan geçirdi».
Bankrate reýtingine görä (2025-nji ýylyň sentýabry), häzirki günki kapitalizasiýasy 1 trillion dollardan geçýän ondan gowrak kompaniýa bar. Olaryň arasynda:

  • Nvidia — emeli aňyň ösüşi netijesinde 4-5 trillion dollardan ýokary kapitalizasiýasy bilen bazaryň lideri;
  • Apple — 1, 2 we 3 trillion dollar görkezijilerinden geçen ilkinji kompaniýa;
  • Microsoft — 3 trillion dollardan gowrak diýlip bahalandyrylýar;
  • Alphabet (Google) — bazar bahasy 3 trillion dollardan geçýär;
  • Amazon — bazar bahasy 2 trillion dollardan geçýär;
  • Meta — 1,5 trillion dollardan geçdi;
  • Berkshire Hathaway — Uorren Baffetiň maýa goýum konglomeraty (1 trillion dollardan gowrak);
  • Eli Lilly — 1 trillion dollara ýeten ilkinji farmasewtik kompaniýa.

şu gün 08:33
752

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

düýn 21:59
1.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.5k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....