Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

  • düýn 21:26
  • 1.1k+

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi.

Aýratynam, 2025-nji ýylda kompaniýa müşderilere 93 sany dar fýuzelýažly A220 we 607 sany A320 uçaryny, şeýle-de 36 sany giň fýuzelýažly A330 we 57 sany A350 uçaryny iberdi.
2025-nji ýylda üpjünçilik Airbus-yň çaklamalaryndan sähel ýokary boldy: dekabryň başynda kompaniýa öz çaklamasyny 820 uçardan 790-a çenli azaltdy. Üpjünçiligiň artandygyna garamazdan, görkeziji häzirem koronawirusdan öňki 2019-njy ýylyň görkezijisinden (863 uçar) pes bolmagynda galýar.
2025-nji ýylda kompaniýa täze uçarlar üçin jemi 1000 sargyt kabul etdi. Eger ýatyrylan sargytlary hasaba alsaň, arassa görkeziji 889 uçar boldy. Dekabryň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýerine ýetirilmedik sargytlaryň umumy portfeli 8754 uçara ýetýär.
Airbus dördünji çärýek we tutuş 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini 19-njy fewralda hödürlär.
Soňky 12 aýda Airbus-yň kapitalizasiýasy tas 40% (171 mlrd ýewro çenli) ýokarlandy, Stoxx Europe gazna indeksi bolsa, takmynan, 20% ösdi.


10.10.2025 09:23
4.8k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...

23.04.2025 23:34
8.3k+

Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi...

19.02.2025 11:25
5.1k+

Boeing ýanwarda 45 sany uçar öndürdi, bu Airbus-dan iki esse diýen ýaly köp

2025-nji ýylyň ýanwarynda Boeing müşderilerine 45 sany, Airbus bolsa 25 sany uçar gowşurdy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri Boeing kompaniýasy üçin iň gowy netije boldy. Önümçilik boýunça Boeing 2023...

17.02.2024 23:45
8.8k+

Airbus 2023-nji ýylda uçar üpjünçiligi boýunça bäşinji gezek Boeing-den öňe geçdi

Ýewropanyň Airbus aerokosmos korporasiýasy 2023-nji ýylyň dördünji çärýegi we tutuş ýyl üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Dördünji çärýekde korporasiýanyň girdejisi 11% ýokarlanyp, 22,9 mlrd ýewro barabar boldy...