Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi

  • 23.04.2025 23:34
  • 8.4k+

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär.

Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi. Şol döwürde kompaniýanyň başlygy Giýom  Fori awiasiýa pudagynda ekologiýa taýdan arassa energiýa geçilişine ýolbaşçylyk etmek isleýändigini mälim edipdi. Airbus 15 ýylyň içinde üç görnüşli wodorod bilen işleýän uçary ösdürer diýlip garaşylýardy. Uçarlaryň iň ulusy 200-e çenli ýolagçyny daşap, 3700 kilometre çenli aralygy uçup geçmelidi.
Kompaniýa dünýäniň onlarça awiakompaniýalarynda we 200-den gowrak howa menzilinde synag geçirdi. Taslama 1,7 milliard ýewro, esasan kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna çykdajy çykaryldy. Airbus korporasiýanyň iň uly paýdary bolan Fransuz hökümetinden goşmaça goldaw aldy.
Işläp taýýarlamalaryň netijesinde wodorod ýangyjyna geçmekligiň uçaryň gurluşynda-da, howa menziliniň infrastrukturasynda-da garaşylyşyndan has çuňňur üýtgeşmeleri talap edýändigi belli boldy.

"Biz wagtyndan öň  mamla bolmak nädogry bolar diýen netijä geldik" - diýip, Giýom Fori taslamany togtatmak baradaky karara teswir berdi.

Airbus bu pikirden doly ýüz öwürmedi, ýöne taslamanyň amala aşyrylmaly möhleti indi näbelli bolup galdy.


17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...

19.02.2025 11:25
5.1k+

Boeing ýanwarda 45 sany uçar öndürdi, bu Airbus-dan iki esse diýen ýaly köp

2025-nji ýylyň ýanwarynda Boeing müşderilerine 45 sany, Airbus bolsa 25 sany uçar gowşurdy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri Boeing kompaniýasy üçin iň gowy netije boldy. Önümçilik boýunça Boeing 2023...