Boeing korporasiýasy ýitgileri azaldyp, girdejini 35% ýokarlandyrdy

  • 31.07.2025 14:29
  • 5.8k+

Boeing korporasiýasy ikinji çärýek üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýitgi 176 mln dollar boldy we bu 2024-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli azdyr. Şol wagt ýitgi 1,09 mlrd dollar bolupdy. Hasabat döwründe girdeji analitikleriň çaklamalaryndan ýokary bolup, 22,75 mlrd dollara ýetdi. Bu bir ýyl ozalkydan 35% köpdür.

Kompaniýa hasabatynda önümçiligiň durnuklaşandygyny we önümleriň hem hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanandygyny belledi.
Ikinji çärýekde Boeing aýda 38 sany Boeing 737 uçaryny çykardy. Bu çäk 2024-nji ýylyň ýanwaryndaky hadysadan soň ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (FAA) tarapyndan kesgitlendi. Şonda Alaska Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737 Max 9 uçarynyň uçuş wagtynda ätiýaçlyk çykalgasynyň gapagy aýryldy, bu hem salonyň germetikliginiň bozulmagyna getirdi. Derňew tamamlandy we indi kompaniýa önümçiligi artdyrmak üçin FAA-dan rugsat almak isleýär.
Geçen çärýekde Boeing sargyt edijilere 150 uçar iberdi. Bu 2018-nji ýyldan bäri ikinji çärýek üçin iň ýokary üpjünçilik görkezijisidir. Şol ýyl kompaniýanyň ýyllyk girdejini alan soňky ýyly bolupdy.


17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...

17.05.2025 08:59
8.1k+

Katar «Boeing» bilen 200 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Kataryň «Qatar Airways» döwlet awiakompaniýasy «Boeing» amerikan konserni bilen 160 uçar satyn almak boýunça 200 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dohadaky gol çekiş dabarasynda habar berdi...