Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň satylyp bilinjekdigi baradaky habardan soň 17% ýokarlandy

  • 27.11.2025 23:12
  • 4k+

Puma-nyň paýnamalary kompaniýanyň Hytaýyň sport aýakgaplaryny, egin-eşikleri we esbaplary öndürijisi Anta Sport tarapyndan satyn alnyp bilinjekdigi baradaky habardan soň ýokarlandy. Mümkin bolan şertnama baradaky maglumat 27-nji noýabrda Frankfurt-na-Maýndaky XETRA biržasynda paýnamalaryň 17,4% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde 19,965 ýewro ýetmegine getirdi. Soňra ösüş haýallady.

Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Anta Sports şertnama üçin hususy maýa goýum kompaniýasy bilen birleşip biler. Beýleki dalaşgärleriň arasynda Olimpiýa çempiony Li Nin tarapyndan esaslandyrylan Li-Ning hytaý brendi we Asics ýapon kompaniýasy bar. Çeşmeler gepleşikleriň irki tapgyrdadygyny we entek şertnama kimiň gatnaşjakdygynyň belli däldigini habar berýär.
Bloomberg Puma-nyň iň uly paýdarynyň – fransuz milliarderi Fransua-Arni Pinonyň maşgalasynyň has uly mukdara garaşyp bilmeginiň ylalaşyk gazanmakda päsgelçilik döredip biljekdigini belleýär. Pino maşgalasyna degişli bolan Artémis maýa goýum holdingi kompaniýanyň paýnamalarynyň 29%-ine eýeçilik edýär.
2022-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda Puma-nyň arassa girdejisi 20% azalyp, 2024-nji ýylda 281,6 mln ýewro boldy. Kompaniýa baş direktor Artur Holduň ýolbaşçylygynda görkezijileri gowulandyrmaga çalyşýar. 2025-nji ýylyň tomsunda kompaniýanyň operasion müdiri Adidas-yň öňki ýolbaşçysy Andreas Hubert boldy.
Puma Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Mançester Siti” toparynyň, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Daniýanyň gandbol boýunça erkekler ýygyndysynyň hemaýatkäridir. 

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......