HP-de 6000 işgär emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli işini ýitirer

  • 28.11.2025 11:00
  • 2k+

HP kompaniýasy işleri has netijeli etmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2028-nji maliýe ýylyna çenli tutuş dünýä boýunça 4000-den 6000-e çenli iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Bu çäre önümleri taýýarlamak işini çaltlaşdyrmaga, müşderileriň kanagatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Habar peýda bolandan soň, kompaniýanyň paýnamalary söwdanyň dowamynda 5,5% pese gaçdy.
HP-niň baş direktory Enrike Lores metbugat maslahatynyň dowamynda işden çykarmagyň kompaniýanyň önüm işläp taýýarlamak, içerki amallar we müşderilere hyzmat etmek bilen meşgullanýan toparlaryna täsir etjekdigini aýtdy.

“Biz bu başlangyjyň üç ýylda çykdajylary azaltmagyň hasabyna 1 mlrd dollar tygşytlamaga mümkinçilik bermegine garaşýarys” – diýip, Lores belledi.

Fewralda kompaniýa ozal yglan edilen üýtgedip gurmak meýilnamasynyň çäklerinde eýýäm 1000-2000 işgäri işden çykarypdy.
EA goldawyna eýe bolan personal kompýuterlere daşarky isleg artmagyny dowam etdirýär. 31-nji oktýabrda tamamlanan dördünji çärýekde şeýle modeller HP üpjünçiliginiň 30%-den gowragyny emele getirdi. Morgan Stanley analitikleri maglumat merkezleri tarapyndan islegiň ýokarlanmagy sebäpli dünýäde ýat mikroshemalarynyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň HP, Dell we Acer ýaly kompaniýalaryň çykdajylarynyň artmagyna we girdejileriniň azalmagyna getirjekdigini çaklaýar.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......