Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

  • 05.12.2025 16:50
  • 2k+

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady.

Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär. Apple-iň ýolbaşçylaryna onuň gitjekdigi barada şu hepde habar berildi we Bloomberg-iň belleýşi ýaly, onuň işden gitjekdigi garaşylmadyk waka däldi.  
Apple-iň täze baş interfeýs dizaýneri Stiwen Lemeý bolar. Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk Lemeýiň «1999-njy ýyldan bäri Apple-iň ähli esasy interfeýslerini işläp taýýarlamakda möhüm rol oýnandygyny» belledi.
Alan Daý Apple-de 2006-njy ýylda işläp başlady, 2015-nji ýyldan bäri bolsa ulanyjy interfeýsiniň dizaýnerler toparyna ýolbaşçylyk etdi. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda Joni Aýwa gidenden soň, Daý kompaniýada has möhüm orny eýeläp başlady.
Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, Daý Apple-iň Vision Pro, iPhone X we Apple Watch ýaly flagman önümleriniň daşky görnüşini döretmäge gatnaşdy. Şeýle-de, ol kompaniýanyň operasion ulgamlarynyň we programmalarynyň möhüm dizaýn üýtgeşmelerine jogap berdi.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....