Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi

  • 17.11.2025 09:56
  • 2.4k+

Apple-iň müdirler geňeşi we ýokary ýolbaşçylygy Tim Kuguň baş direktor wezipesinden gitmegine taýýarlygy işjeňleşdirdi. Bu barada kompaniýanyň içindäki gürrüňler bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) habar berýär.

Maglumatlara görä, onuň yzyny dowam etdirip biljek adam enjam üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça uly wise-prezident Jon Ternus hasaplanýar, ýöne gutarnykly çözgüt entek kabul edilmedi. Apple-e ýakyn bolan çeşmeler bu ýolbaşçy çalşygynyň eýýäm köpden bäri meýilleşdirilendigini we ýylyň ahyrynda iPhone-yň rekord satuwyndan öň kompaniýanyň häzirki görkezijileri bilen baglanyşykly däldigini belleýär.
FT çeşmeleri täze ýolbaşçynyň ýanwaryň ahyrynda indiki girdeji hasabaty çykýança bellenmezliginiň mümkindigini belleýär. Apple-iň ýolbaşçysynyň çalşylmagy baradaky habar täze ýolbaşçylyga iýunda işläp düzüjileriň konferensiýasy we sentýabrda täze iPhone-yň çykmagy ýaly her ýyl geçirilýän uly çärelerden öň öwrenişmäge mümkinçilik berer. Taýýarlygyň işjeňleşdirilendigine garamazdan, islendik bildirişleriň möhleti üýtgäp biler.
FT kompaniýanyň teswir bermekden ýüz öwrendigini ýazýar.
Ozal Jon Ternusyň Tim Kugy çalşyp biljekdigi barada Bloomberg ýazypdy. Noýabrda Kuk 65 ýaşady. Ol kompaniýa eýýäm 14 ýyl bäri ýolbaşçylyk edýär. Žurnalist Mark Gurman Kuguň baş direktor wezipesinden gidenden soň, müdirler geňeşiniň başlygy hökmünde kompaniýada galyp biljekdigini aýdýar.


düýn 09:49
1.8k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.6k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......