Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

  • 03.05.2026 16:10
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy.

Hasabat döwründe kompaniýanyň jemi girdejisi 111,2 milliard dollar, peýdasy bolsa 29,6 milliard dollar boldy. Kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk: «Şu gün Apple kompaniýasynyň taryhynda mart çärýegi boýunça iň oňat netijeleri habar berýändigine buýsanýarys» diýip belledi we çärýekleýin girdejiniň rekord derejä ýetendigini nygtady.

Kuguň aýtmagyna görä, çärýegiň dowamynda iPhone satuwlary dünýäniň ähli ýurtlarynda iki belgili sanlar bilen (azyndan 10% we ondan ýokary) ösüş görkezdi. Şeýle hem, hyzmatlar bölüminiň girdejisi taryhda iň ýokary sepgidine ýetdi.

Maliýe hasabatlary kompaniýanyň ýolbaşçylygyndaky garaşylýan üýtgeşmeleriň öňüsyrasynda mälim edildi. Tim Kuguň ýylyň ahyrynda baş direktor wezipesinden gitmegine garaşylýar. Onuň ornuny sentýabr aýynda 50 ýaşly Jon Ternus eýelär. Kuk bolsa öz gezeginde direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesine geçer.


17.06.2026 11:29
4.3k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
868

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......