Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

  • 29.04.2026 15:00
  • 1.4k+

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan tassyklady.

Akkumulýatorlar: kompaniýanyň öz işläp düzen batareýalarynda doly gaýtadan işlenen kobalt ulanylmaga başlandy.

Magnitler: enjamlaryň magnitlerinde 100% gaýtadan işlenen seýrek duş gelýän metallar ulanylýar.

Gaplama: Apple öz enjamlarynyň gabynda plastmassany ulanmagy doly bes etdi.

Kompaniýa «dünýäni gelenimizdäkiden has gowy ýagdaýda galdyrmak» ymtylyşynyň ähli innowasion proseslere esas bolýandygyny nygtaýar. Bu öňe gidişlikler uly ekologik maksatlaryň tehnologiýalary ösdürmek üçin güýçli itergi bolýandygyny tassyklaýar.

Apple özüniň ähli işlerinde doly kömürturşy neýtrallygyna ýetmegi maksat edinýän «Apple 2030» maksatnamasyna ygrarlylygyny saklaýar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, bu meýilnamanyň amala aşmak ähtimallygy örän ýokary. Sebäbi Apple, köp sanly bäsdeşlerinden tapawutlylykda, heniz emeli aň üçin niýetlenen we örän köp energiýa sarp edýän maglumat merkezleriniň sanyny meýilnama päsgel berjek derejede artdyrmady.


düýn 11:08
803

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......