Apple 14 ýylda ilkinji gezek smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçer

  • 29.11.2025 21:14
  • 4.6k+

Apple şu ýyl 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýyllyk smartfon üpjünçiligi boýunça Samsung-dan öňe geçip biler. Bu barada Counterpoint Research kompaniýasynyň çaklamasyna salgylanyp, CNBC habar berýär.

Analitikler şeýle ösüşi iPhone 17 hatarynyň üstünlikli bolmagy we pandemiýadan soň smartfonlaryň işjeň ýagdaýda täzelenmegi bilen baglanyşdyrýar.

Hasaplamalara görä, 2025-nji ýylda Apple bazara 243 mln töweregi iPhone, Samsung bolsa, takmynan, 235 mln smartfon iberer. Apple-iň dünýä bazaryndaky paýy 19,4%, Samsung kompaniýasynyňky 18,7% bolar. Üpjünçilik satuw bilen deň bolmasa-da, olar kompaniýanyň garaşylýan islege görä önümçilik meýilnamalaryny görkezýär.
Üstünligiň esasy sebäbi sentýabrda iPhone 17 smartfonlarynyň çykmagy boldy, ol kompaniýanyň baýramçylyk döwründe güýçli satuwyny üpjün etdi. ABŞ-da täze hatara bolan isleg ilkinji dört hepdede geçen ýylky hatardan 12% ýokary, Hytaýda bolsa 18% ýokary boldy. Analitikler pandemiýa döwründe smartfon satyn alan köp ulanyjylaryň häzir täze modellere geçýändigini belleýär, bu hem satuwy ep-esli ýokarlandyrýar.
Hasabat maglumatlaryna görä, Samsung elýeterli we orta gurluşlaryň segmentinde hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, bu hem onuň öňdebaryjy bolmagyny kynlaşdyrýar.
Counterpoint Apple-iň azyndan 2029-njy ýyla çenli birinji orny saklajakdygyny çaklaýar. Muňa ulanylan iPhone smartfonlarynyň bazary-da ýardam edýär: 2023-nji ýyldan 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi aralygynda şeýle smartfonlardan 358 mln sanysy satyldy. Şol sebäpli smartfon eýeleriniň köpüsiniň täze modellere geçmegine garaşylýar.
Şeýle-de, analitikler kompaniýanyň hyzmat we funksiýa ekoulgamyny giňeltmegiň hasabyna öz ornuny berkidýändigini belleýär. Kompaniýanyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalarynda arzan iPhone 17e-ni we ilkinji eplenýän smartfony çykarmak bar. 2027-nji ýyla meýilleşdirilen uly dizaýn täzelenmesi we Siri-niň kämilleşdirilen wersiýasy hem onuň ornuny has berkider.


27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......