L'Oréal we Alibaba gözellik pudagyna emeli aňy ornaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýär

  • 14.11.2025 10:21
  • 1.5k+

L'Oréal-yň Hytaýdaky bölümi sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin Alibaba Cloud bilen strategik ylalaşyga gol çekdi. Kompaniýalar gözellik pudagynda marketingiň, müşderi hyzmatlarynyň we gözlegleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aňa esaslanýan çözgütleri ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler.

L'Oréal täze EA gurallarynyň markanyň ykjam goşundysynyň işini gowulandyrmaga we ulanyjylar bilen özara hereketleri has şahsy etmäge kömek etjekdigini habar berdi. Hususan-da, derini bejermek boýunça şahsy maslahatlary saýlamak üçin kompaniýanyň içerki bilim binýadyny ulanýan Qwen modeline esaslanýan agent-goşundy eýýäm döredildi.
Alibaba Cloud bolsa, L'Oréal China-nyň işgärleri üçin emeli aň bilen işlemek endiklerini ösdürmäge gönükdirilen okuw maksatnamalaryny guraýar.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
994

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......