Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady

  • 23.11.2025 20:28
  • 2.5k+

Milliarder Jeff Bezos emeli aň ulgamynda «Project Prometheus» atly başlangyjyny işe girizdi. The New York Times gazetiniň habaryna görä, kompaniýa eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady we bu ony irki tapgyrdaky maliýeleşdirme boýunça dünýäde öňdebaryjy başlangyçlaryň birine öwürdi.

Taslama emeli aňyň aerokosmos, awtoulag we kompýuter senagatynda ulanylmagyna gönükdiriler. Bezos kompaniýanyň iki baş direktorynyň biri boldy, bu onuň 2021-nji ýylda Amazon-dan aýrylandan bäri ilkinji ýolbaşçy wezipesi. Beýleki baş direktor fizik we himik Wik Bajajdyr, ol ozal Google-yň X laboratoriýasynyň (akylly kontakt linzalary, Wing drony bilen eltip berme ulgamy we beýleki ideýalary işläp düzýän gizlin bölüm) işgäri bolup işlän.
NYT kompaniýanyň takyk işe giriziljek senesiniň we ýerleşýän ýeriniň belli däldigini belleýär. Şeýle-de bolsa, «Project Prometheus» eýýäm takmynan 100 işgäri işe aldy. Neşiriň çeşmeleri olaryň arasynda OpenAI-yň, DeepMind-yň we Meta-nyň hünärmenleriniň bardygyny tassyklaýarlar.
2021-nji ýyldan soň Bezos öz aerokosmos kompaniýasy bolan Blue Origin-e has işjeň gatnaşdy we emeli aň bilen gyzyklanmasyny artdyrdy. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol robototehnika üçin esasy programma üpjünçiligini işläp düzýän Physical Intelligence atly başlangyja maýa goýdy.
NYT bilen söhbetdeşlikde Bezos emeli aň bilen baglanyşykly häzirki gyzyklanmany ýitgilere getirip biljek, ýöne şol bir wagtyň özünde geljekde uly peýda getirip biljek “senagat köpügi” bilen deňeşdirdi. Onuň sözlerine görä: «Tozan ýatyşanda, kimiň utuşdadygyny göreris; jemgyýetler bu oýlap tapyşlardan peýda görer».


düýn 18:06
1.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
982

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......