Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

  • 15.12.2025 09:20
  • 1k+

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar.

Şertnama aktýorlaryň daşky keşbini we sesini ulanmagy göz öňünde tutmaýar. Iň şowly döredilen wideolar Disney+ akym hyzmatynda görkeziler.
Walt Disney OpenAI-iň esasy müşderileriniň biri bolar. EA tehnologiýalaryny beýlekiler bilen bir hatarda Disney+ platformasy üçin täze önümleri we gurallary işläp taýýarlamak, şeýle-de ChatGPT çat-botuny işgärleriň iş prosesine ornaşdyrmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Disney-iň baş direktory Bob Aýger bu şertnama teswir bermek bilen, tehnologiýa innowasiýalarynyň dynç alyş pudagynyň ösüşinde ähmiýetini nygtady.

“Emeli aňyň çalt ösüşi pudagymyz üçin möhüm pursaty alamatlandyrýar we OpenAI bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde biz, döredijilere we olaryň işlerine hormat goýmak we goramak bilen, generatiw EA arkaly hekaýalarymyzyň gerimini oýlanyşykly we jogapkärçilikli giňelderis” – diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Aýger Disney gahrymanlarynyň ösen tehnologiýalar bilen birleşdirilmeginiň muşdaklara halaýan hekaýalary bilen aragatnaşygyň täze, has şahsylaşdyrylan usullaryny hödürlejekdigini belledi.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......