PepsiCo 25 ýyldan soň ilkinji gezek logotipini we şygaryny täzeledi

  • 01.11.2025 10:06
  • 1.9k+

PepsiCo soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini we firma stilini täzeledi. Täze şygar hem-de dizaýn eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Indi brendiň täze şygary şeýle ýaňlanýar: «Iýmit. Içgiler. Ýylgyryşlar».

Kompaniýanyň baş direktory Ramon Laguarta täze wizual keşbiň brendde bolup geçýän üýtgeşmeleri alamatlandyrýandygyny, onuň energiýasyny, optimizmini we täze maksatlardaky hyjuwyny görkezýändigini belledi.
Täze logotipiň esasy merkezi elementi – dürli grafiki nyşanlar bilen gurşalan «P» harpy. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu nyşanlar müşderä üns bermegi, durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy we brendiň özüne mahsus tagam duýgusyny aňladýar.

Dizaýnda şeýle hem ýylgyrşyň şekili ulanyldy. Bu brendiň «her owurtda we her dişlemde has köp ýylgyryş paýlaşmak» baradaky maksadyna laýyk gelýän wizual alamatdyr. Täze korporatiw şrift setir harplardan durýar we «elýeterlilik we ýakynlyk duýgusyny» döretmek üçin saýlanypdyr. Reňk palitrasy bolsa «hasylly topraklardan» hem-de PepsiCo içgileriniň tebigy reňklerinden ylham alýar.

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....