Dünýä baýlygynyň 75%-i ilatyň 10%-iniň elinde jemlenýär

  • 12.12.2025 12:08
  • 7.9k+

Dünýä baýlygynyň aglaba bölegi – 75%-i planetanyň has barly ilatynyň bary-ýogy 10%-iniň elinde jemlenýär. Şol bir wagtyň özünde, adamzadyň has garyp ýarysyna ähli baýlygyň diňe 2%-i degişli. Bu barada täze «Global deňsizlik 2026» hasabatynda aýdylýar.

Maglumatlar Parižiň ykdysadyýet mekdebinden Rikardo Gomes-Karreranyň ýolbaşçylygyndaky 200 ylmy gözlegçiden ybarat topar tarapyndan taýýarlandy. Bilermenler 60 müňden az adamyň (dünýä ilatynyň bary-ýogy 0,001%-i) Ýeriň ýaşaýjylarynyň has garyp ýarymynyň kapitalyndan üç esse ýokary baýlyga eýeçilik edýändigini anyklady.
Ylmy gözlegçileriň maglumatlaryna görä, dünýäniň ähli sebitlerinde diýen ýaly iň baý adamlaryň 1%-i iň garyp adamlaryň 90%-inden has köp kapitala eýe. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda baýlygyň paýlanyşyndaky deňsizlik çalt ýokarlanmagyny dowam etdirdi.

«Netijede, biz milliardlarça adamyň hatda ýönekeý ykdysady durnuklylykdan çetde galýan wagty kiçijik azlygyň görlüp-eşidilmedik maliýe güýjüne eýe bolan dünýäsinde ýaşaýarys» – diýip, The Guardian ylmy gözlegiň awtorlarynyň sözlerini getirýär.

Bilermenler deňsizligi azaltmagyň diňe bir adalatlylyk meselesi däl-de, eýsem ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny belleýär. Baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudy azaltmak üçin döwlet maýa goýumlaryny bilim we saglygy goraýyş ugurlaryna gönükdirmek, şeýle-de netijeli salgyt we serişdeleri gaýtadan paýlamak maksatnamalaryny girizmek teklip edilýär.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......