2k+

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çagyryş ligasynda “Abdyş-Atany” utdy

“Altyn Asyr” futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna şowly başlady. Ol ilkinji oýunda “Abdyş-Ata” gyrgyz klubuny 1:0 hasabynda utdy. Oýun 25-nji oktýabrda geçirildi. Oýunda ýeke-täk goly 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi...

2.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň itşynaslaryny, alabaý itleriniň janköýerlerini we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlarynyň tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedigini belläp geçýär...

986

«Sanly çözgüt–2025» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde IT-tehnologiýalaryny, emeli aňy we robot tehnikasyny ösdürmäge gönükdirilen innowasion bäsleşik — «Sanly çözgüt–2025» boýunça saýlama tapgyry geçirilýär. Bäsleşik ýedi ugurda geçiriler: emeli aň robot tehnika we awtomatlaşdyrma «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary akylly şäher konsepsiýalary sanly lukmançylyk elektron bilim hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ...

5.5k+

Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça Owganystana türkmen gazyny 2027-nji ýylyň başynda iberip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy...

4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Rimde näbelli esgeriň guburyna gül goýdy

24-nji oktýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Italiýanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar...

1.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Hytaýyň ilçisi bilen täze taslamalary maslahatlaşdy

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Si Şumin bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär. Ministr ilçini wezipesine girişmegi bilen gutlap, bilim ulgamy boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini nygtady...

1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi...

4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler...

1.6k+

Türkmenistan Botswana Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

20-nji oktýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda  geçirildi...

10k+

Dünýägözel Gulmanowa Moskwada RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň başlyklary bilen duşuşdy

20-22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda resmi sapar bilen boldy. 21-nji oktýabrda wekiliýetiň agzalary Kreml diwarynyň ýanyndaky Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar hem-de “Moskwa Kremli” döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasyna baryp gördüler...

817

Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat açyldy

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady...

1.1k+

Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi...