Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

  • 08.04.2026 16:50
  • 3.2k+

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralyp, dünýäniň halal standartlaryna laýyk gelýän harytlary mahabatlandyrmak üçin esasy meýdançalaryň biri bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň bu sergä gatnaşjakdygy barada Tatarystan Respublikasynyň Maýa goýumlary ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina habar berdi.

Ýarmarkanyň çäklerinde türkmen kärhanalary tarapyndan azyk önümleri, kosmetika serişdeleri, dokma önümleri we öý hojalygy üçin zerur bolan dürli harytlar hödürlener. Sergä gatnaşmagyň esasy şerti önümleriň resmi halal-şahadatnamasynyň bolmagydyr.

Bu halkara çäre türkmen öndürijileri üçin eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge amatly şertleri döreder.

Geçen ýyl ýarmarka Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýa, Owganystan, Pakistan, Gazagystan, Türkiýe we Eýran ýaly ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýany jemläpdi. 


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......