Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

  • 04.04.2026 15:19
  • 7.2k+

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler.

Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde, şeýle-de Run-Rush jemgyýetçilik hereketiniň goldaw bermeginde guralýar.

Ylgaw ýaryşynyň ähli ugurlary Garaşsyzlyk seýilgähiniň töweregi boýunça bolar. Gatnaşyjylar 2, 5 we 10 kilometrlik aralyklary saýlap biler. 2 kilometrlik ylgawa uly adamlaryň ugratmagynda 16 ýaşyna çenli çagalar, 5 we 10 kilometrlik aralyklara bolsa 16 ýaşyndaky we ondan uly bolan gatnaşyjylar goýberiler.

Guramaçylaryň habarynda: «Siz tejribeli ylgawçy bolsaňyzam ýa-da diňe dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen işjeň hem-de şatlykly säheri geçirmek isleseňizem, bu çäre dostluk ruhunda jemlenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir» – diýlip bellenilýär.

Ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara baýraklar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Deslapky oflaýn hasaba alyş işleri 7-8-nji aprelde sagat 16:00-dan 20:00-a çenli Aşgabadyň «Hiroo» kofehanasynda (9-njy etrapça) we Magtymguly şaýolundaky 150-nji jaýda ýerleşýän zoo-dükanynda geçiriler. Gatnaşmak üçin şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezmek zerurdyr.

Guramaçylar ähli isleg bildirýänleri bu çärä goşulmaga hem-de Ýewropa gününi agzybirlik we dostluk ruhunda bellemäge çagyrýar.


09.04.2026 20:12
8.5k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

21.03.2026 08:05
5.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

18.03.2026 19:44
2.6k+

2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek boýunça Aşgabatda maslahat geçirildi

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy gurady. Maslahatyň esasy mowzugy 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek baradaky maksada ýetmek üçin görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy...