2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek boýunça Aşgabatda maslahat geçirildi

  • 18.03.2026 19:44
  • 2.7k+

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe bagyşlanan ylmy-amaly okuw maslahaty geçirildi.

Çäräni BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy gurady. Maslahatyň esasy mowzugy 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmek baradaky maksada ýetmek üçin görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Gatnaşyjylar 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa geçmek meselelerine, şeýle hem «Inçekeselsiz Merkezi Aziýa» başlangyjyny durmuşa geçirmäge degişli meselelere seretdi. Keseliň dermanlara durnukly görnüşlerine garşy göreşmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem AIW-iň we wirusly gepatitleriň öňüni almak, şol sanda ýokançlaryň eneden çaga geçmeginiň öňüni almak boýunça çäreler maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatynyň ikinji bölüminde hünärmenler keseli wagtynda anyklamagyň häzirkizaman usullaryna, täze sanjymlara we utgaşan ýokançlary bejermegiň ýollaryna seretdi.

Çärä halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň we Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....