Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

  • 21.03.2026 08:05
  • 5.7k+

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Wise-premýer B.Mämmedow bedenterbiýäni ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny we beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Olar welaýatlary, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerini öz içine alar. Bu çärelere mekdep okuwçylary, talyplar, edara-kärhanalaryň işgärleri we türgenler gatnaşar.

Mundan başga-da, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň sporty wagyz etmekde we ilatyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Döwlet Baştutany meýilleşdirilen çäreleriň ýokary hilli taýýarlanmagyny we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....