Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

  • 09.04.2026 20:12
  • 8.6k+

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Aşgabat

Habar berşimiz ýaly, paýtagtymyzda welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäre Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýanyndan başlandy. Çärä döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, talyplar, mekdep okuwçylary we türgenler gatnaşdy. Ýörişiň ugry şäheriň merkezi şaýollaryndan geçdi. Ýol ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Weloýöriş Aşgabadyň merkezinde, «Ruhyýet» köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Arkadag şäheri

Baýramçylyk çäreleri «Taýçanak» binasynyň öňündäki meýdançadan başlandy we şol ýerden welosiped ýörişine badalga berildi. Oňa häkimiýet edaralarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işgärleri, talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çärä şäher ilaty hem goşuldy. Ýöriş Ahalteke atlary, Akhan we Arkadag şaýollary boýunça geçdi. Weloýöriş konsert çykyşlary we medeni çäreler bilen utgaşdy.

Ahal welaýaty

Welosipedli ýöriş Ak bugdaý etrabynyň çäginden geçýän halkalaýyn aýlaw ýolundan başlanyp, Änew şäherine tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda «Saglyk» binasynyň ýanynda, «Ak bugdaý» milli muzeýinde we «Mukaddeslik» meýdançasynda medeni çykyşlar guraldy.

Balkan welaýaty

Weloýörişine Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda badalga berildi. Esasy çäreler 10 müň orunlyk sport toplumynyň öňünde geçirildi. Welosipedli ýöriş «Ilkinjiler» ýadygärliginiň ýanynda tamamlandy. Şeýle hem baýramçylyk çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Jadyly kenar» seýilgähinde we beýleki meýdançalarda boldy.

Daşoguz welaýaty

Çäreler Andalyp şaýolunyň ugrunda başlandy. Welosipedçiler, takmynan, 10 kilometr aralygy geçdi. Medeni çykyşlar meýdançalarda we şäher desgalarynyň ýanynda guraldy. Ýöriş 10 müň orunlyk stadionda tamamlandy.

Lebap welaýaty

Weloýöriş Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek ýoly» binasynyň ýanyndan başlanyp, Bitarap Türkmenistan köçesi boýunça dowam etdi. Ýoluň ugrunda ýerleşýän mekdepleriň, teatryň we kitaphananyň ýanynda çykyşlar guraldy. Çäreler köpugurly sport toplumynda jemlendi.

Mary welaýaty

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Kemine köçesinden Medeniýet köşgüne çenli, takmynan, 6 kilometr aralygy geçdi. Ýol ugrundaky muzeýiň, teatryň, kitaphananyň we şäheriň beýleki desgalarynyň ýanynda konsert çykyşlary boldy.


09.06.2026 23:14
6.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....