Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

  • 10.04.2026 23:51
  • 21k+

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga berilmegi paýtagty ýurduň gündogar sebiti bilen birleşdirýän 600 kilometrlik awtobanyň gurluşygynyň doly tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Taslamany durmuşa geçirmek işleri 2019-njy ýylda başlanypdy.

«Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, täze ýol halkara ülňülerine doly laýyk gelýär we aşakdaky tehniki aýratynlyklara eýedir:

  • Ýer düşeginiň giňligi: 34,5 metr.
  • Zolaklaryň sany: 6 sany (her ugra 3 zolak).
  • Ýol hereket böleginiň giňligi: her tarapdan 11,25 metr.
  • Her zolagyň giňligi: 3,75 metr.

Ýol örtüginiň düzümi ýoluň netijeli gatlaklarynyň mäkämligini artdyrmak üçin ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlarlardan we beýleki serişdelerden ybarat.

Awtomobil ýolunyň ugrunda ähli zerur infrastruktura: awtoduralgalar, dynç alyş zolaklary, ýangyç guýujy beketler we tehniki hyzmat ediş nokatlary guruldy. Howpsuzlyk köprüler we ýerasty geçelgeler arkaly üpjün edilýär.

Akylly wideogözegçilik ulgamy maglumatlary toplap, ýatda saklap, ýol gözegçilik gullugyna geçirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu taslamanyň ýurduň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny ep-esli artdyryp, sebitleriň ösüşine we halkara logistikasyna güýçli itergi berjekdigini nygtady.

Taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......