Parižde türkmen medeniýetiniň we saz sungatynyň agşamy geçirildi

  • 08.04.2026 16:47
  • 1.7k+

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pariž şäheriniň «Théâtre de l’Opprimé» teatrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna we Milli bahar baýramyna bagyşlanan medeni-sazly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

«Destan» medeni birleşigi tarapyndan Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen guralan bu agşama Parižiň ýaşaýjylary, sungat we medeniýet işgärleri gatnaşdy.

Iki bölümden ybarat bolan döredijilik agşamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýet türkmen halkynyň baý sazçylyk däplerini görkezdi. Birinji bölümde dutar, gyjak, gargy tüýdük we gopuz ýaly milli saz gurallarynda şirin owazly eserler ýerine ýetirildi. Ikinji bölüm bolsa milli saz gurallarynyň tanyşdyrylyşyna hem-de sazandalar bilen geçirilen döredijilikli söhbetdeşlige bagyşlandy.

Çäräniň ahyrynda guralan sergi arkaly myhmanlar türkmen halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň we milli saz gurallarynyň ajaýyp nusgalary bilen tanşyp bildi. Bu çäre halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň medeniýet ussatlarynyň sazly çykyşlary dowam edýär.


09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......