Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

  • 07.04.2026 23:10
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Matwiýenkony doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny berkitmäge goşan uly goşandyny belledi.

Söhbetdeşlikde parlament diplomatiýasyna we oktýabr aýynda Awazada geçiriljek çärelere, şol sanda Zenanlaryň dialogyna, Demografiýa meseleleri boýunça maslahata we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çärä aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda guraljak bu başlangyçlary goldandygy üçin Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen wekiliýetiniň Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň başlangyjy bilen GDA-nyň çäklerinde geçirilýän «Hatyra otlusy» we «Modanyň arkalaşygy» ýaly halkara çärelerine, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sungat meseleleri boýunça maslahatlara, festiwallara, ýaşlaryň we zenanlaryň duşuşyklaryna gatnaşmagy Türkmenistanyň bu başlangyçlara ýokary baha berýändiginiň hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydygy bellenildi.

Taraplar şeýle hem iri ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilişini, şol sanda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegini we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygyny maslahatlaşdy. Russiýada Magtymguly Pyragynyň, Türkmenistanda bolsa Aleksandr Puşkiniň we F.M.Dostoýewskiniň ýadygärlikleriniň oturdylmagynyň medeniýetlere bolan özara hormatyň aýdyň nyşanydygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......