Tokioda ahalteke bedewlerini dünýä tanatmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 07.04.2026 18:56
  • 1.8k+

5-nji aprelde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda ahalteke bedewlerini dünýä tanatmaga we atçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Miçiko Aoe we Täze Zelandiýanyň «Krukziener Properties» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Endrýu Krukziener gatnaşdy.

Gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdi.

Täze Zelandiýa tarapynyň arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek we türkmen wekilleriniň ýurduň atçylyk toplumlaryna saparlaryny guramak mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem atçylyk pudagyny ösdürmäge bagyşlanan ugurdaş çäreleri, duşuşyklary we «tegelek stollary» guramak boýunça pikir alşyldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde däp bolan Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyryldy.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......