Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berdi

  • 09.04.2026 07:14
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegine dabaraly ýagdaýda badalga berdi.

Täze şäherçe 800 gektardan gowrak ýeri eýelär. Bu ýerde 22 500 ýaşaýjy üçin ähli amatlyklary bolan 4500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Şeýle-de, Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi we metjit hem gurlup ulanmaga berler.

Dabarada çykyş edip, Serdar Berdimuhamedow ýurtda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Ol döwrebap obalary we şäherleri döretmek boýunça yzygiderli işleriň ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek baradaky Milli maksatnamanyň çäklerinde ýurduň ähli welaýatlarynda alnyp barylýandygyny belledi.

Şeýle hem Prezident ýakyn wagtda «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini mälim etdi, bu bolsa sebitiň ykdysady ösüşinde möhüm ädim bolar.

Dabara gatnaşyjylara geljekki şäherçäniň taslamasy barada wideoşekiller görkezildi. Çäräniň dowamynda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we ýazgy galdyrylan gutujygy döwrebap şäherçäniň binýadyna atdy.

Döwlet Baştutanynyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Prezident olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Dabaralar tamamlanandan soň, döwlet Baştutany Aşgabada dolandy. Mary welaýatynda bu şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.


28.06.2026 00:03
3.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......