Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

  • 06.04.2026 23:45
  • 5.7k+

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Owganystanyň arasyndaky ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, sebitara integrasiýanyň ýol kartasyny işläp taýýarlamak meselelerine we bar bolan wehimlere bilelikde baha bermek meselesine seretdi.

Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda ýurduň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar täze formatdaky konsultatiw dialogyň yzygiderli dowam etdirilmegini goldady. Şeýle hem Owganystanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen bagly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......