3.4k+

Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler...

7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...

4.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady...

2.4k+

Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy...

5.4k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar...

6.7k+

Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi

Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamasy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada gutarnykly çözgüt 11-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi...

12k+

Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler

Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşyjylary kabul edýär. Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp sanly ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanlary gelýär...

1.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

3.6k+

Türkmenistan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň sanawyna teklip etmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu teklibe 8-13-nji dekabr aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde serediler...

2.9k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

4.2k+

Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi...

3.7k+

Türkmen karateçileri Belgradda geçirilen halkara ýaryşda iki medal gazandylar

Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşyň netijelerine görä, türkmen türgenleri 21–34 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda «şahsy kumite» boýunça iki medal gazandylar...

2.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi  geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir...

206k+

“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär

Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň...

16k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň binasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşdy...