Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 20.02.2026 17:07
  • 1.1k+

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T.Kömekow bilen Guramanyň Baş direktory Suý Dunýuýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Ilçi T.Kömekow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Baş direktora mähirli salamyny ýetirdi we oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlygy tassyklady.
Gepleşikleriň dowamynda Baş direktor Suý Dunýuýyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň netijelerine ýokary baha berildi. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanda FAO-nyň doly hukukly wekilhanasyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykardy. Şeýle hem ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen «Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygy» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Baş direktor Suý Dunýuý Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň durnukly ösüş we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol FAO-nyň Türkmenistanyň tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşykda taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurtlaýyn çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda pikir alyşdy.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......