YNAM! YHLAS! ÝEŇIŞ!.. TMBIZ-de sowgatly ýaryşyň 1-nji tapgyry jemlendi

  • 20.02.2026 18:51
  • 6.7k+

«Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, olam galyp näm boljak, olam ýetsin myrada». Halk ertekileriniň käbirleriniň soňundaky bu jümleler köplere tanyş bolsa gerek. Ine-de, köpler üçin erteki bolup görnen, ýöne, ertekileri hakykata öwren Mega ýaryş tamamlandy. Ýok! Beýle diýilse gutarnykly tamamlanandyr diýip düşünäýmäň. Ýaryşyň ýaňy 1-nji tapgyry jemlendi. Ol heniz hemme zat öňde diýmegi aňladýar. Bu ýaňy bir başlangyçdyr.

Biz Türkmenistanda  ilkinji gysga wideo akym platformasy bolan TMBIZ sanly gurşawyndaky ýaryş barada ozal hem habar beripdik.
Wideolar hyýaldaky şekillere jan berýän bolsa, TMBIZ  hyýallary hem-de arzuwlary hakykata öwürýär. Tutuş 1 aýdan gowrak halallyk, päk ynsaplylyk, ruhubelentlik bilen dowam eden ýaryşda ýeňiş gazanyp, degişli baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijilere sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşanlar hem muny tassykladylar.


Türkmen programmistleri tarapyndan işlenip düzülen milli onlaýn gysga wideo akym platformasy TMBIZ biznes ideýalaryň emele gelýän, ösüş gazanýan we trende öwrülýän ýeridir. Bu ýerde her bir telekeçi we hünärmen öz başarnygyny görkezmäge mümkinçilik alýar. Önüm öndürijiler, işewürler we biznesiň dürli gatlaklarynyň wekilleri öz harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny gysga wideo akymlaryň üsti bilen düşündirip, görkezýärler.
Indi diňe bir biznes teklipleri hem däl! Mundan başga-da, adamlar:

  • wagtlaryny has täsirli geçirmekleri,
  • wideo görüp, dynç almaklary,
  • gyzyklanmalaryna görä wideo mazmunlara tomaşa etmekleri

üçin ýokary tizlikli we hiç bir päsgelçiliksiz has aňsat girmek mümkinçiline eýe edýän TMBIZ-den peýdalanyp başladylar.
Netijede, TMBIZ häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ynam döredýän we taraplar üçin amatly sanly platforma hökmünde öňe çykýar. Bu platforma biznes mümkinçilikleri açyp görkezýän, ösüşe itergi berýän netijeli çözgütdir.


Öz işiňizi giň köpçülige tanatmak, hyzmatyňyzy ýa-da önümiňizi açyk görkezmek, döredijiligiňize ünsi çekmek, sungatyňyzy äşgär etmek we sanly döwürde ynam gazanmak isleýän bolsaňyz, TMBIZ size täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Siz hem bu sanly giňişlikden peýdalanyp, ösüş ýoluna gadam basyň we bazardaky emele gelýän täze mümkinçiliklerden peýdalanyň!
TMBIZ ykjam goşundysyny şu salgylara basyp, ýükläp bolýar:


şu gün 18:22
4k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

şu gün 17:00
2.3k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....