Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada aýtdy

  • 22.02.2026 11:35
  • 7.8k+

Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy.

Örän uly amerikan kompaniýalary köpden bäri türkmen bazarynda, möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we iň ýokary baha berýäris, mundan beýläk hem ony höweslendireris we goldarys. Men şeýle kompaniýalaryň arasynda «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şeýle hem 2008-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-amerikan Işewürlik Geňeşiniň möhüm orny aýratyn bellenildi.

Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem elektroenergetika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda gowy mümkinçilikleriň bardygyny görýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Medeniýet, ylym, bilim, sport ugurlarynda hem hyzmatdaşlygyň gowy we peýdaly tejribesiniň bardygy bellenildi.


düýn 15:48
3.7k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......